Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yrak Siriýadaky howa zarbasynda 45 jeňçini öldürendigini aýdýar


Hajin yrak serhedinden 50 kilometr çemesi uzakda ýerleşýär.

Yragyň harbylary gündogar Siriýa urlan howa zarbasynda “Yslam döwleti” toparynyň 45 söweşijisiniň, şol sanda uly liderleriniň öldürilendigini aýdýar.

Harbylaryň beýanatynda Yragyň F-16 söweş uçarlarynyň 22-nji iýunda Siriýanyň gündogaryndaky Deir Ezzor welaýatynyň Häjin şäherinde, yrak serhediniň golaýynda “YD liderlerini nyşana alýan şowly zarbalary urandygy” aýdylýar.

Harbylar howa zarbasynda öldürilen söweşijileriň arasynda YD toparynyň “uruş ministriniň orunbasarynyň”, media resmileriniň biriniň, baş lider Abu Bakr al-Bagdadiniň şahsy kurýeriniň we polisiýa başlygynyň hem bolandygyny aýtdylar.

Hajin yrak serhedinden 50 kilometr çemesi uzakda bolup, Siriýada şindem YD kontrollygynda galýan iň uly şäher merkezi bolup durýar.

XS
SM
MD
LG