Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Saudlylaryň ýokary dini häkimiýeti aýallaryň maşyn sürmek gadaganlygynyň soňlanmagyny gutlaýar


Saudly aýal tälim okuwynda maşyn sürmek üçin howpsuzlyk guşagyny guşanýar. Jeddah.
Saudly aýal tälim okuwynda maşyn sürmek üçin howpsuzlyk guşagyny guşanýar. Jeddah.

Saud Arabystanynyň ýokary dini häkimiýeti 24-nji iýunda, aýallar musulmanlaryň köplük bolup ýaşaýan patyşalygynda alnyp barylýan liberallaşmanyň çäginde maşyn sürüp başlanlaryndan birnäçe sagat soň,aýal-gyzlaryň awtoulag sürmegine girizilen we onlarça ýyl dowam eden gadaganlygyň soňlanmagyny gutlady.

Uly alymlaryň geňeşi, döwlete tarapdar gurama aýallara maşyna sürmäge rugsat berýän patyşa kararynyň jemgyýetiň bähbidinedigini aýtdy.

Patyşa Salman 2017-nji ýylyň sentýabrynda, saudly aýallaryň we halkara hukuk toparlarynyň bu gadaganlygy basyş alamaty hökmünde ýazgarýan kampaniýalaryna jogap berip, karar çykardy.

Bu karar täç geýdirilen şazada Muhammad bin Salman tarapyndan yglan edilen liberallaşma prosesiniň bir bölegi hasaplanylýar.

Patyşalykda aýal-gyzlara maşyn sürmek rugsadyny berýän karar 24-nji iýunda, ýarygijeden soň güýje girdi.

Adam hukuklary resmileriniň maglumatyna görä, Saud Arabystany dünýäde aýallaryň maşyn sürmegini gadagan edýän ýeke-täk ýurtdy.

XS
SM
MD
LG