Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyz sudy gazak aktiwistiniň ekstradisiýa kararyny öz güýjünde galdyrdy


Muratbek Tungyşbaýew

Gyrgyz sudy gazak syýasy aktiwistini, adam hukuklaryny goraýjy guramalaryň aladalanmalaryna garamazdan, öz ýurduna esktradisiýa etmek baradaky kararyny öz güýjünde galdyrdy.

Bişkegiň sudy Gyrgyzystanyň Baş prokuraturasynyň Muratbek Tungyşbaýewi Gazagystana ekstradisiýa etmek boýunça kararynyň kanuna gabat gelýändigi barada höküm çykardy.

Suduň diňlenşiginiň öňüsyrasynda “Human Rights Watch” guramasy Tungyşbaýewiň öz ýurdunda “gynamalara sezewar bolup biljekdigini” aýdyp, gyrgyz resmilerini ony goramaga çagyrdy.

Tungyşbaýew maý aýynda, gazak resmileriniň haýyşy esasynda, Bişkekda tussag edilipdi. Astana Tunghyşbaýewiň ekstremist toparlaryny maliýe taýdan goldandygyny we olaryň hereketlerine goşulandygyny öňe sürýär.

Tungyşbaýewi özüne bildirilýän aýyplamalary ret edýär.

XS
SM
MD
LG