Eýranly aýal-gyzlar soňky 40 ýylyň içinde ikinji gezek Futbol boýunça dünýä çempionatyna açyk bir ýagdaýda tomaşa etdiler. Emma, Eýranyň futbol boýunça ýygyndy topary Portugaliýa bilen geçiren duşuşygyndan soň, ýaryşdan çykdy.
Eýranly aýal-gyzlara öz toparynyň oýnuny Tähranyň Azadi stadionynda, monitorlar arkaly tomaşa etmäge rugsat berildi. Şol bir wagtda, käbir aşa dinçi ruhanylar aýallaryň oýunlara gatnaşmak gadagançylygynyň öz güýjünde galmagynyň tarapynda çykyş etdiler.
Eýranda 1979-njy ýylda amala aşyrylan Yslam rewolýusiýasyndan soň, aýal-gyzlara erkekleriň futbol duşuşyklaryna tomaşa etmegine gadagançylyk girizilipdi.
Eýranyň prezidenti Hassan Rohani ençeme ýagdaýda bu gadagançylygy tankytlapdy. Aýal-gyzlar futboly tomaşa etmäge goýberilse-de; bu gadagançylyk, dini ruhanylaryň muňa garşy çykmagy sebäpli, resmi ýagdaýda ýatyrylmady.
20-nji iýunda, haçanda Eýranyň we Ispaniýanyň futbol toparlary duşuşanda, eýranly aýal-gyzlara, 40 ýylyň içinde ilkinji gezek, oýuna stadionda tomaşa etmäge rugsat berildi.
Мумкин белки мен ялнышяндырын ! Шу ерде бир зат бар :Эрдоган халкына вепалымы я-да Бердимухаммедов алабай итжагагаз бн халкына ,Путинамы? Болмаса Германиядан,Америкадан алсалар говы боларды дийжек болярын ! Бары егы 2-3 млн.халкымыз бар !
Gaty gereksiz hereketler, yokardakylaryn habary yokdugam belli, polisiya mhm isgarleri halka zulum etmekden basga isi yok! Ne diyilyan wahabi bar ne diyilyan dowlet adam ucin duzgunler!