Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow Erdogany gutlady


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow (sagda) we türk prezidenti Rejep Taýyp Erdogan. Ankara. 3-nji mart, 2015 ý.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Rejep Taýyp Erdogany Türkiýäniň prezidentlik saýlawlaryndaky ýeňişi bilen gutlady.

Berdimuhamedow türk halkynyň saýlawy Rejep Taýyp Erdoganyň ýurtda syýasy we durmuş durnuklylygyny, ykdysady ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen ýoluna ýokary ynamynyň we goldawynyň şaýady bolup durýandygyny belläpdir.

Türk mediasy Erdoganyň 24-nji iýunda geçirilen saýlawlarda sesleriň 52.5%-ni alyp, ýeňiş gazanandygyny mälim etdi. Onuň baş bäsdeşi Muharrem Inçe sesleriň 30.6%-ni alypdyr.

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň saýlawa gözegçilik eden topary ses berilişigiň dowamynda “deň şertleriň” ýetmezçilik edendigini nygtadylar.

XS
SM
MD
LG