Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýada gyzy zorlamakda günäli tapylan türkmenistanlynyň hökümi öz güýjünde galdyryldy


Illýustrasiýa
Illýustrasiýa

Russiýanyň Twer oblastynyň sudy gyzy zorlamakda günäli tapylan türkmenistanly bir raýatyň appelýasiýa arzasyna seredip, oňa çykarylan hökümi öz güýjünde galdyrdy.

Şu ýylyň mart aýynda türkmenistanly bir raýat ýetginjek ýaşyna ýetmedikk bir gyzy gorkuzyp, ony zorlapdyr.

Sud şahsyýeti aýdyňlaşdyrymladyk türkmenistnaly migranty günali tapyp, ony agyr şertli koloniýada 8,5 ýyl türme tussaglygyna höküm etdi. Şeýle-de, sud ejir çeken tarapa kompensasiýa hökmünde 200 müň rubly tölemeli etdi.

Türkmenistanly özüne çykarylan höküme şikaýat etmekçi boldy. Emma, Tweriň sudy ozalky karary öz güýjünde galdyrdy.

XS
SM
MD
LG