Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus milliarderiniň firmasy ABŞ saýlawlaryna gatyşandygy baradaky işi aýyrtjak bolýar


ABŞ-nyň ýörite geňeşçi Robert Mueller.

2016-njy ýylda ABŞ-nyň prezidentlik saýlawlarynyň dowamynda Donald Trampyň haýryna propoganda operasiýalaryny maliýeleşdirmekde aýyplanýan rus kompaniýasy ABŞ-nyň suduna ýüzlenip, ýörite geňeşçi Robert Muelleriň olaryň işini gozgama ygtyýarynyň bolmandygyny we bu işiň aradan aýrylmalydygyny aýtdy.

Rus prezidenti Wladimir Putine golaý bir telekeçi tarapyndan dolandyrylýandygy aýdylýan “Concord Management” firmasy ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň ýakynda eden belliklerine salgylanyp, Muelleriň bikanun ýagdaýda bellenendigini we firmanyň işine seretmäge ygtyýarynyň ýokdugyny öňe sürdi.

Tramp we onuň konserwatiw ýaranlary Muelleriň prezident tarapyndan bellenmändigini ýa-da Senat tarapyndan ykrar edilmändigini nygtap, Baş prokuroryň orunbasary Rod Rosenştaýnyň ony özüniň resmisi hökümünde belläp, ýurduň kanunçylygyny bozandygyny aýtdylar.

“Concord” Muelleriň edarasy tarapyndan ABŞ-nyň saýlawlaryna täsir ýetimekde aýyplanan üç rus guramasynyň biridir.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG