Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus milliarderiniň firmasy ABŞ saýlawlaryna gatyşandygy baradaky işi aýyrtjak bolýar


Ýewgeniý Prigožin.

2016-njy ýylda ABŞ-da geçen prezident saýlawlarynda Donald Trampyň bähbidine alnyp barlan propaganda işleriniň maliýeleşdirilmegine kömek edenlikde aýyplanylýan bir ors kompaniýasy ýörite geňeşçi Robert Mueller tarapyndan öz garşysyna gozgalan kazyýet işiniň togtadylmagyny sorap, Birleşen Ştatlaryň bir kazysyna ýüz tutdy.

“Concord Management” kompaniýasy, 25-nji iýunda Waşingtonda kazyýetiň garamagyna berlen dokumentde, özüniň bu göçümini, Trampyň golaýda beren beýanatyndan peýdalanyp, Muelleriň bu işe bikanun bellenendigi we onuň kompaniýany kanuny taýdan yzarlamaga ygtyýarlygynyň ýokdugy bilen delellendirýär. Prokurorlaryň aýtmagyna görä, “Concord” kompaniýasyna Orsýetiň prezidenti Wladimir Putine ýakyn bir biznessmen kontrollyk edýär.

Tramp we onuň konserwatiw ýaranlary Muelleriň prezident tarapyndan bellenmändigini ýa-da Senat tarapyndan tassyklanmandygyny nygtap, Baş prokuroryň orunbasary Rod Rosenştaýnyň ony 2017-nji ýylyň maý aýynda öz jogapkärçiligi bilen bu işe bellemek bilen ýurduň konstitusiýasynyň bu baradaky maddasyny bozandygyny aýdýarlar.

Birleşen Ştatlarda geçen saýlawlara täsir ýetirmek we belli bir derejä çenli Tramyň demokratik bäsdeşi Hillary Klintony garalamak bilen Trampyň saýlanmak mümkinçiligini artdyrmakda Muelleriň edarasy tarapyndan üç sany ors guramasy aýyplanýar. Bularyň biri “Concord”. Bu aýyplamada bulardan başga-da 13 sany orsýetli şahsyýetler bar.

Aýyplaw netijenamasynda “Concord” kompaniýasynyň orsýetli telekeçi Ýewgeniý Prigožiniň kontrollygyndadygy aýdylýar. Amerikan resmileri bu milliarderiň Orsýetiň harby we syýasy elitasy bilen berk baglanyşyklydygyny aýdýarlar. Prigožine “Putiniň aşpezi” hem diýýärler, sebäbi Kremlde geçýän myhmançylyklary nahar bilen şonuň restoranlary üpjün edýär.

Ýöne, Amerikan saýlawlaryna täsir etmek barada kampaniýa alyp baran esasan “Concord” bilen onuň Sankt Peterburgda ýerleşýän Internet barlag gullygy bolupdyr.

Internet gullugy Facebooka, Twittere we beýleki sosial media dürli materiallary iberip, olary ýaýradan bolsa, bu işleri maliýeleşdiren, haýsy işgärleriň alynmalydygyny maslahat beren we propagdanda işlerine gözegçilik eden Concord diýlip, aýyplaw netijenamasynda aýdylýar.

“Concord” kazyýet işinde ady agzalýanlaryň arasynda bu aýplama resmi taýdan jogap beren ýeke-täk kompaniýadyr. Ol üstümzdäki ýylyň başlarynda bu aýplama garşy göreşmek üçin amerikan adwokatlaryna ýüzlendi.

Amerikanyň baş kanuny boýunça hökümet sekretarlary ýaly uly derejeli resmiler prezident tarapyndan bellenip, Senat tarapyndan tassyklanmaly. Ýöne “derejesi pesräk resmileri”, Kongresden rugsat bolan halatynda, kazyýetler ýa-da degişli bölümleriň başlyklary belläp bilýärler.

“Concord” firmasynyň adwokatlary Mueller özüniň giň gerimli hukugy ygtyýarlyklary sebäpli “baş resmi” hasaplanýar diýýärler. Olar şeýle hem Mueller uly ýa kiçi derejeli resmi bolsa-da, onuň bu işe bellenmegi konstitusiýa ters diýip delil getirýärler.

Olaryň bellemegine görä, baş resmi prezident tarapyndan bellenip, Senat tarapyndan tassyklanmaly.

Kanuny mesele üstümizdäki aýyň başlarynda Tramp tarapyndan öňe sürlen delillere çalymdaş. Prezident bir tweetde “ýörite geňeşçiniň ballenmegi konstitusiýa bütinleý ters” diýip ýazypdy

Öten aý bu delile konserwatiw “Federalist Society” guramasynynyň düýbüni tutanlaryň biri bolan Stewen Kalabresi-de salgylandy. Ol žurnalistler bilen eden çagyryşynda Muelleriň işleri bikanun, sebäbi ol bu wezipä nädogry ýagdaýda bellenipdir diýdi.

XS
SM
MD
LG