Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bolton Moskwa sapar edýär; Tramp-Putin duşuşygy gün tertibinde


ABŞ-nyň milli howpsuzlyk boýunça maslahatçysy Jon Bolton.
ABŞ-nyň milli howpsuzlyk boýunça maslahatçysy Jon Bolton.

ABŞ-nyň milli howpsuzlyk boýunça maslahatçysy Jon Bolton Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen gepleşikleri geçirmek üçin, Moskwa sapar edýär.

Gepleşikleriň dowamynda iýul aýynda prezident Donald Tramp bilen prezident Wladimir Putiniň arasynda geçirilmegine garaşylýan duşuşygyň maslahat ediljekdigine garaşylýar.

Bolton gepleşikleriň netjisi boýunça, Aşgabat wagty bilen sagat 21:30-da beýanat bilen çykyş eder. Onuň dowamynda sammitiniň geçjek wagtynyň we ýeriniň yglan edilmegi mümkin.

Bu aralykda, Kremliň metbugat-wekili Boltonyň prezident Wladimir Putin bilen hem duşuşjakdygyny mälim etdi.

Mundan öň, Bolton 25-26-njy iýunda Londonda we Rimde ABŞ-nyň ýaranlary bilen duşuşdy.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo geçen dynç günleriniň dowamynda eden çykyşynda, Trampyň we Putiniň “uzak bolmadyk geljekde” duşuşmaklarynyň ähtimaldygyny aýtdy.

Tramp 11-12-nji iýulda Brýusselde NATO-nyň sammitine gatnaşar. 13-nji iýulda bolsa, Britaniýa sapar eder. Sammitiň ýa Wenada ýa-da Helsinkide geçmeginiň mümkindigi çaklanylýar.

Şu hepdäniň başynda Awstriýanyň bir neşiri iki lideriň 15-nji iýulda Wenada geçmeli duşuşygyna taýýarlyk görmek üçin, ABŞ we rus resmileriniň eýýäm şähere gelendiklerini habar beripdi.

Emma, atlandyrylmasyzlygyny soran ABŞ-nyň bir resmisiniň Reuters habar agentligine beren maglumatynda, duşuşygyň Finlýandiýanyň paýtagty Helsinkide geçmeginiň ähtimaldygy bellenilýär. Her niçikde bolsa, soňky karar Boltonyň ruslar bilen geçiren gepleşikleriniň netijelerine bagly bolar.

Tramp bilen Putin halkara sammitleriniň çäginde iki gezek duşuşdylar. Olar telefon arkaly hem azyndan sekiz gezek gepleşdiler.

Martda Tramp Putini nobatdaky gezek prezident saýlanmagy bilen gutlap, iki lideriň ýakynda duşuşyp biljekdigini aýdypdy.

ABŞ-nyň we Russiýanyň gatnaşklary Siriýadaky konflikt, Moskwanyň Ukrainanyň Krym ýarymadasyny basyp almagy we ýurduň gündogaryndaky separatistleri goldamagy, Britaniýada ozalky rus içalysynyň zäherlenmegi ýaly ýagdaýlar sebäpli dartgynly bolmagyna galýar.

Demokratlar we käbir respublikanlar Trampy Russiýa babatynda ýumşak çemeleşmekde aýyplaýarlar. Tramp özüniň prezidentlik saýlaw kampaniýasy döwri Russiýa we Putin bilen gowy gatnaşyklary isleýändigini aýdyp, ençeme gezek rus prezidentini hem öwüpdi.

XS
SM
MD
LG