Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyz resmileri gazak bloggerini ekstradisiýa etdiler


Muratbek Tungyşbaýew.

Gyrgyz resmileri, hukuk goraýjy aktiwistleriniň aladalanmalaryna garamazdan, gazak oppozisiýa aktiwisti we bloggeri Muratbek Tungyşbaýewi öz ýurduna ekstradisiýa etdiler.

Gyrgyzystanyň milli hopwsuzlyk boýunça döwlet komitetiniň metbugat wekiliniň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, Tungyşbaýew çarşenbe güni gazak resmileriniň eline gowşurylypdyr.

Mundan öň, adam hukuklaryny goraýjy toparlar Tungyşbaýewiň Gazagystanda gynamalara sezewar bolup biljekdigini duýduryp, gyrgyz resmilerine ony ekstradisiýa etmezlige çagyryş edipdiler.

Duşenbe güni, gyrgyz sudy Tungyşbaýewi Gazagystana esktradisiýa etmek baradaky Baş prokuraturanyň kararyny öz güýjünde galdyrypdy.

Tungyşbaýew maý aýynda, gazak resmileriniň haýyşy esasynda, Bişkekda tussag edilipdi. Astana Tungyşbaýewiň ekstremist toparlaryny maliýe taýdan goldandygyny we olaryň hereketlerine goşulandygyny öňe sürýär.

Tungyşbaýew özüne bildirilýän aýyplamalary ret edýär.

XS
SM
MD
LG