Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Trampyň ozalky kampaniýa ýolbaşçysy rus milliarderinden “karz alypdyr”


Paul Manafort
Paul Manafort

ABŞ-da soňky aýan edilen sud maglumatlaryna görä, Donald Trampyň ozalky kampaniýa ýolbaşçysy Paul Manafort Kreml bilen baglanyşykly rus milliarderi Oleg Deripaskadan 10 million dollar möçberinde karz alypdyr. Bu barada Reuters habarlar gullugy maglumat berýär.

Manafort bilen täsirli rus biznesmeni Deripaskanyň arasyndaky bag çarşenbe güni aýan edildi. Bu Birleşen Ştatlaryň ýörite geňeşçisi Robert Muelleriň prezident Donald Trampyň kampaniýasy bilen Russiýanyň arasynda bolan mümkin koordinasiýa boýunça özüniň alyp barýan derňewiniň çäginde aýan edilen soňky maglumatdyr.

Russiýanyň metal tütjary Deripaskanyň rus prezidenti Wladimir Putin bilen ýakyn gatnaşyklary bar. ABŞ şu ýyl Deripaska garşy sanksiýalary hem girizipdi.

2017-nji ýylyň iýulynda Federal Derňew Býurosynyň agentleri Manafotyň öýünde gözleg geçirdiler. Onuň dowamynda Manafort bilen Deripaksanyň arasyndaky maliýe gatnaşyklary boýunça geçirilýän derňewiň çäginde möhüm delilleri ele geçirmek başardypdyr.

XS
SM
MD
LG