Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Bir soraga üç jogap” - Azatlyk Radiosynyň täze proýekti


Gadyrly okyjylar we Azatlyk radiosynyň diňleýjileri

Azatlyk Radiosy “Bir soraga üç jogap” ady bilen täze programma başlaýar.

Soňky birnäçe aýda Azatlyk radiosynyň redaksiýasyna dürli haýyşlar bilen hat ýazýan, maglumat iberýän, telefon edýän okyjylar we diňleýjiler örän köpeldi. Olar öz sowallaryna efirde, Azatlygyň saýtynda jogap berilmegini isleýärler. Elbetde, olary gyzyklandyrýan meseleleriň köpüsi şu günki günde türkmenistanlylaryň köpüsiniň duş gelýän ykdysady kynçylyklary bilen bagly.

Azatlyk öz mümkinçilikleriniň we redaksion düzgünleriniň çäginde bu soraglara jogap bermäge çalyşýar. Emma olaryň arasynda diňe ekspertleriň, synçylaryň, şeýle-de adaty türkmenistanlylaryň özleriniň jogap berip biljek soraglary hem bar. Biz täze programmamyzda hut şu soraglara jogap gözlemäge çalyşmakçy bolýarys.

Biz programmanyň her gezekki sanynda öz okyjylarymyzdan we diňleýjilerimizden gelen soraglary, olara ekspertleriň we adaty türkmenistanlylaryň jogaplaryny eşitdireris.

Şeýle-de, biziň internet saýtymyz ýa-da sosial ulgamalardaky sahypalarymyz arkaly, berlen soraglara her bir diňleýji, her okyjy jogap berip biler.

Biz bu soraglara berlen iň gyzykly jogaplary saýtymyzda çap edip, efirde diňleýjilere hem eşitdirmekçi bolýarys.

Siziň ýazyp iberýän bellikleriňiz, ýüzlenmeleriňiz esasynda biz eýýäm bir ýyl bäri “Hormatly Arkadag” rubrikamyzy ýöredýäris we onuň arkasyndan jemgyýet bilen döwletiň arasyndaky özara gatnaşygy, arabaglanyşygy ýola goýmaga çalyşýarys. “Bir sorag üç jogap” rubrikasynda hem biz häkimiýet wekillerine ýönekeý türkmenistanlylaryň durmuş, ýaşaýyş aladalaryny, olary ynjalykdan gaçyrýan meseleleri, bu meseleleriň mümkin bolan çögütlerini ýetirmek synanyşygyny dowam etdirmek isleýäris.

Eger sorag bermek isleseňiz, saýtymyzdaky şu salgy - https://rus.azathabar.com/userupload.html arkaly bize hat ýazyň, wideo ýa-da audio ýüzlenme iberiň.

Şeýle-de biz habar-maglumat çaparlary, Line, imo, WhatsApp, Telegram messenjerleri, +420 724 168 983 we +420 773 797 383 telefon nomerleri arkaly habarlaşyp bilersiňiz.

Biziň elektron poçtamyzyň adresi: yusupovf@rferl.org, hat@azatradio.org we webtopary@gmail.com. Mundanam başga, siz şu aşakdaky aragatnaşyk kanallary arkaly soraglara jogaplaryňyzy iberip bilersiňiz: Facebook, Одноклассники, ВКонтакте, Twitter.

XS
SM
MD
LG