Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp-Putin sammiti 16-njy iýulda geçer


ABŞ-nyň we Russiýanyň prezidentleri. Arhiw suraty.
ABŞ-nyň we Russiýanyň prezidentleri. Arhiw suraty.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen rus prezidenti Wladimir Putiniň arasyndaky ilkinji sammit 16-njy iýulda Helsinkide geçer. Bu barada Ak Tam we Kreml maglumat berýär.

Rus habar agentlikleri Kremle salgylanyp, Putiniň we Trampyň ABŞ-Russiýa gatnaşyklaryny we halkara meselelerini maslahat etjekdiklerini habar berdiler.

Tramp çarşenbe güni Waşingtonda žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda 11-12-nji iýulda geçjek NATO-nyň sammitinden soň, Putin bilen duşuşmagynyň mümkindigini aýtdy.

Ol iki lideriň Ukrainany, Siriýany we ‘beýleki köp meseleleri” maslahat etjekdiklerini hem sözüne goşdy.

XS
SM
MD
LG