Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owgan serhedini bikanun geçen gazak raýaty tussag edildi


Owgan esgeri sebite gözegçilik edýär. Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty.

Owganystanyň polisiýasy ýurda bikanun ýagdaýda giren gazak raýatyny tussag etdi.

Gunduz welaýatynyň polisiýasynyň jenaýat agtaryş bölüminiň başlygy Waisudin Talaşyň Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, gazak raýaty hiç hili dokumentiz serhedi geçen pursady tussag edilipdir.

Talaş gazak raýatynyň şärigi bolmakda güman edilýän iki owganystanlynyň hem tussag edilendigini mälim etdi. Olar gazagystanla ýurtda bikanun galmaga kömek etmekde aýyplanýarlar.

Owgan resmisi deňewiň dowam edýändigini aýdyp, başga goşmaça maglumat bermekden saklandy.

XS
SM
MD
LG