Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Fransiýa RT-ni maglumatlary ýoýmakda aýyplady


RT, aglaba ýagdaýda, dünýä habarlaryny Kremliň nukdaýnazaryndan, Günbatar liderleriniň garaýyşlaryna ters bir görnüşde, beýan edýär.
RT, aglaba ýagdaýda, dünýä habarlaryny Kremliň nukdaýnazaryndan, Günbatar liderleriniň garaýyşlaryna ters bir görnüşde, beýan edýär.

Fransiýanyň media gözegçilik edýän guramasy Russiýanyň döwlet eýeçiligindäki Russia Today kanalynyň Fransiýadaky bölümine, Siriýada amala aşyrylan himiki hüjüm bilen baglylykda taýýarlan gepleşigide eden öňe sürmeleri sebäpli, duýduryş yglan etdi.

Maglumata görä, RT France 13-nji aprelde Siriýada amala aşyrylandygy aýdylýan himiki hüjüm barada efire beren gepleşiginde, beýleki ýagdaýlar bir hatarda, interwýu beren siriýalylaryň aýdan zatlaryny ýoýup, terjime edipdir.

Russiýanyň döwlet eýeçiligindäki bu media guramasy, aglaba ýagdaýda, dünýä habarlaryny Kremliň nukdaýnazaryndan, Günbatar liderleriniň garaýyşlaryna ters bir görnüşde, beýan edýär.

7-nji aprelde Siriýanyň Douma şäherinde amala aşyrylan hüjümde lukmanlar we halas edijiler hlorin we sarin zäherleýji gazlary sebäpli, 40 adamyň heläk bolandygyny habar beripdiler. Günbatar liderleri bu hüjümiň arkasynda siriýa güýçleriniň durandygyny aýtdylar.

Emma, Fransiýanyň media gözegçilik guramasy RT-niň, edil rus we siriýa hökümetleri ýaly, hüjümiň bolandygyny sorag astyna alandygyny, şeýle-de muny jeňçileriň gurnanandygyny öňe sürendigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG