Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB liderleri Russiýa garşy girizilen sanksiýalary uzaltmak kararyna geldiler


ÝB liderleriniň Brýusseldäki sammiti.

Ýewropa Bileleşiginiň liderleri, Russiýanyň Ukrainadaky aggressiýasy sebäpli, Moskwa garşy girizilen sanksiýalaryň möhletini uzaltmak barada ylalaşdylar.

Bu baradaky netijä Brýusslede ÝB-niň sammitiniň dowamyna gelindi. Munuň güýje girmegi indi öňümizdäki hepdelerde ÝB-niň ilçileriniň geljek kararyna bagly bolar.

Russiýa garşy girizilen sanksiýalar, esasan, ýurduň bank we energiýa pudaklaryny öz içine alýar. Olar 2014-nji ýylyň tomsunda Russiýanyň Ukrainanyň Krym ýarymadasyny basyp almagyna we ýurduň gündogaryndaky separatistleri goldamagyna jogap hökmünde girizilipdi.

Sanksiýalaryň möhleti her ýarym ýyldan uzaldylyp gelinýär.

XS
SM
MD
LG