Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin Berdimuhamedowyň atasyny sylaglady


Prezident Berdimuhamedowyň atasyna bagyşlap “Älem içre at gezer” atly kitabynyň esasynda goýlan teatr oýnundan bir pursat. Aktýor Berdimuhamet Annaýewiň keşbini janlandyrýar.
Prezident Berdimuhamedowyň atasyna bagyşlap “Älem içre at gezer” atly kitabynyň esasynda goýlan teatr oýnundan bir pursat. Aktýor Berdimuhamet Annaýewiň keşbini janlandyrýar.

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň ýörite Permany bilen türkmen ýurtbaştutany Gurbanuly Berdimuhamedowyň atasy – Berdimuhamet Annaýew ikinji jahan urşy döwri görkezen batyrlygy we gaýduwsyzlygy üçin “Edermenlik” medaly bilen sylaglandy.

Berdimuhamedow öz atasyna berlen medal üçin prezident Putine özüniň çuňňur minnetdarlygyny bildirdi.

Berdimuhamet Annaýew Gökdepäniň Yzgant obasynda dünýä inip, ol oba mugallymy, mekdep direktory bolup işläpdir. Ikinji jahan urşy döwri ol ikinji Ukrain frontunda, 748-nji atyjylyk polkunyň düzüminde söweşipdir.

2009-njy ýylyň 1-nji sentýabrynda Yzgantda Berdimuhamet Annaýew adyndaky 27-nji mekdep açyldy. Şeýle-de, 2011-nji ýylda prezident Berdimuhamedowyň atasyna bagyşlap “Älem içre at gezer” atly kitaby ýazandygy yglan edildi.

Soňky ýyllarda, ýurtda prezident Berdimuhamedowyň özüniň şahsyýet kulty bilen birlikde, onuň maşgala agzalarynyň, şol sanda atasynyň, kakasynyň, ejesiniň hem waspynyň artandygyny synlasa bolýar.

XS
SM
MD
LG