Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp Orsýetiň Krym ýarymadasyny anneksiýa etmegini ykrar etmegi aradan aýyrmaýar


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp rus kärdeşi bilen planlaşyrylan sammitiň öňüsyrasynda Orsýetiň Ukrainanyň Krym ýarymadasyny anneksiýa etmegini ykrar etmegi aradan aýyrmakdan ýüz öwürdi.

29-njy iýun güni giçlik žurnalistleriň “Howa güýçleri Birde” onuň Waşingtonyň anneksiýa uzak wagtlap garşy durmagyny bes etjegi baradaky habarlar çynmy diýip beren soragyna, Tramp: “Biz muny göreris” diýip jogap berdi.

Tramp ABŞ-nyň Orsýete garşy anneksiýa sebäpli girizilen sanksiýalary ýatyrylarmy diýen soraga hem şeýle jogap berdi.

Ol öňde duran sammitiň maksadynyň Sowuk uruş döwründen bäri iň pes derejelere düşen Waşington-Moskwa gatnaşyklaryny gowulaşdyrmakdan ybaratdygyny aýtdy.

“Biz Orsýetiň näme edýändigini göreris” diýip, Tramp aýtdy.

XS
SM
MD
LG