Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Trampyň ýaranlary Pariž duşuşygynda Eýran režiminiň soňunyň golaýlandygyny aýdýarlar


Kanun geňeşçisi Rudi Juliani (Rudy Giuliani)
Kanun geňeşçisi Rudi Juliani (Rudy Giuliani)

ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň ýakyn ýaranlary Pariždäki “Eýrany azat et” toparlanyşygyna Eýran režiminiň soňunyň golaý gelendigini we bu ýurda garşy ulanyljak sanksiýalaryň “uly we uly, has-da uly” boljakdygyny aýtdylar.

“Biz indi eýran režiminiň soňunyň gelýändigini hakyky ýagdaýynda görüp bilmäge ukyply bolýarys” diýip, kanun geňeşçisi Rudi Juliani (Rudy Giuliani) 30-njy iýunda bosgunlykdaky garşydaşlar, şol sanda Eýranda gadagan edilen ozalky Halk Mujahedin pitne topary tarapyndan gurnalan duşuşykda aýtdy.

Juliani golaýda, Eýranda dowam edýän kynçylyklaryň arasynda, Trampyň 2015-nji ýyldaky ýadro ylalaşygyndan çykmak we Tährana garşy sanksiýalary dikeltmek barada gelen kararyndan soňra turan protestlere ünsi çekdi.

"Haçanda iň uly ykdysady güýç seniň bilen işleşmegi bes edende, sen ýykylýarsyň... we sanksiýalar uly, uly we ýene-de has uly bolýar” diýip, Juliani aýtdy.

Juliani eýran oppozisiýasyny ýaraglandyrmagy goldamandygyny aýtdy we muňa derek Trampyň Eýranyň “diktator aýatollalaryny” bogmak üçin Tährana garşy has kän sanksiýa girizmelidigini nygtady.

"Aýatollalar dogruçyl adamlar diýip pikir edýän islendik adam akmak. Olar kezzaplar...” diýip, ol Eýran bilen işleşmegi dowam edýän ABŞ ýaranlaryny nazara alyp aýtdy we olar “utanmaly” diýdi.

XS
SM
MD
LG