Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp saud patyşasynyň nebit öndürmegi köpeltmäge razydygyny aýdýar


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Saud Arabystanynyň patyşasy Salmanyň nebit öndürmegi köpeltmäge razydygyny aýdýar.
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Saud Arabystanynyň patyşasy Salmanyň nebit öndürmegi köpeltmäge razydygyny aýdýar.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Saud Arabystanynyň patyşasy Salmanyň özüne aýdan sözlerine salgylanyp, Eýrandaky we Wenezueladaky ýagdaýlara jogap edip, Riýadyň nebit öndürmegiň derejesini ýokarlandyrjagyny aýdýar.

Saud hökümeti iki lideriň global nebit bazary hakynda gürleşendigini tassyk etdi, emma Riýadyň nebit öndürmegi ýokarlandyrmak babatda gelen hiç bir ylalaşygyny agzamady.

30-njy iýundaky gepleşik Tramp adminstrasiýasynyň ýaranlaryna Eýrandan nebit almagy bes etmek barada eden basyşyndan soň nebit bahalarynyň ýokarlanmagynyň yz ýanyna gabat geldi.

Tramp twitterde galdyran ýazgysynda Salmanyň nebit öndürmegiň derejesini galdyrmaga razy bolandygyny aýtdy, emma gürrüini edýän 2 million barrel nebit öndürmek mümkinçiliginiň wagt çägini görkezmedi.

XS
SM
MD
LG