Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Liwan türkmenleri ysnyşykly gatnaşyga garaşýar


Liwanly türkmenler
Liwanly türkmenler

Ýakyn gündogar sebitinde Yrak we Siriýadan daşaryn hem dürli ýurtlarda kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň bardygy aýdylýar. Liwandaky türkmenleri muňa mysal getirmek bolar. Liwanda türkmenler Akkar, Baalbek we Trablus sebitlerinde köpçülikde ýaşaýarlar.

Taryhçylar Liwana türkmenleriň seljuk imperiýasy döwründe ornaşandygyny öňe sürýär.

Taryhçy Çarles Winslow Liwanda geçiren ylmy barlagynda "Liwan dagyny eýelän memluklar 12-nji asyrda Kisiriwandan Trablusa çenli bolan sebitiň adminstratiw gurluşyny taýýarlan mahaly käbir strategik ýerlere türkmen taýpalaryny ornaşdyrdy" diýýär.

Liwanly türkmenler
Liwanly türkmenler

Bilermenleriň bellemegine görä, Liwan türkmenleriniň taryhy bilinýänem bolsa, olaryň häzirki ýagdaýy dünýä türkmenleriniň arasynda kän bilinmeýär we özara gatnaşyklar hem ýok diýen ýaly.

Azatlyk Radiosy, Aýdaman şäheriniň häkimi we şol sanda Liwan-türk dostluk jemgiýetiniň başlygy Kema Maksud bilen Liwan türkmenleri barada ylmy iş alyp barýan Zahir Sultan dagynyň gatnaşmagynda "Dünýä türkmenleri" gepleşiginiň bu sanyny liwanly türkmen diasporasyna gönükdirýär.

Gepleşigi diňläp, bu ugurdaky tejribeleriňizi we teswirleriňizi aşakdaky foruma ýazyp bilersiňiz.

Liwan türkmenleri ysnyşykly gatnaşyga garaşýar
please wait

No media source currently available

0:00 0:10:00 0:00

XS
SM
MD
LG