Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranda suw protestleri gazaplylyga ýazdy


Eýranyň polisiýa işgärleri. Arhiw suraty.
Eýranyň polisiýa işgärleri. Arhiw suraty.

Eýranyň günorta-günbatarynda agyz suw ýetmezçiligine protest geçiren demonstrantlar polisiýa bilen çaknyşdylar. Bu barada ýerli media habar berýär.

Döwlet eýeçligindäki IRNA habarlar gullugynyň maglumatyna görä, geçen şenbe güni Khorramşahr şäherinde ýygnanan protestçiler eýran resmilerine garşy şygarlary hem gygyrypdyrlar. Protestçiler polisiýa işgärlerini daşlap başlanlaryndan soň, howpsuzlyk gulluklary demonstrantlara garşy göz ýaşardyjy gazy ulanypdyrlar.

Döwlet mediasy ýekşenbe güni Khorramşahr şäherine “asudalygyň gaýdyp gelendigini”, şeýle-de sany anyklaşdyrylmadyk protestçileriň tussag edilendigini habar berdi. Maglumata görä, käbir protestçiler sapançalar bilen ýaraglanypdyrlar.

Resmiler çaknyşyklarda birnäçe polisiýa işgäriniň we bir protestçiniň ýaralanandygyny aýtdylar.

Tankytçylar hökümetiň sebitdäki suw syýasaty sebäpli, regionda agyz suw ýetmezçiliginiň dörändigini aýdýarlar.

Eýranda şu ýylyň başyndan bäri agyz suwunyň bolmazlygy sebäpli birnäçe gezek protest bildiridldi.

XS
SM
MD
LG