Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belgiýa: Eýranly oppozisiýa toparlaryna garşy hüjümi planlaşdyranlar tussag edildi


Belgiýanyň polisiýasy. Arhiwden alnan surat.
Belgiýanyň polisiýasy. Arhiwden alnan surat.

Fransiýada bosgunlykdaky eýranly oppozisiýa toparlarynyň duşuşygynda bombaly hüjümi gurnamakda aýyplanyp bir eýranly diplomat we başga-da iki adam tussag edildi. Bu barada Belgiýanyň resmileri maglumat berýärler.

Belgiýanyň Baş prokuraturasynyň we Aňtaw edarasynyň bilelikdäki ýaýradan beýanatynda, 38 ýaşly erkek kişiniň we 33 ýaşly aýal maşgalanyň ele salnandygyny mälim edildi. Olara adam öldürmek synanyşygy we terroristik hüjümi gurnamak aýyplamalary bildiriler. Eýranyň Wenadaky ilçihanasynyň diplomaty bolsa, Germaniýada tussag edilipdir.

Maglumatda Fransiýada başga-da üç adamyň tussag edilendigi aýdylýar.

Bu Eýranyň prezidenti Hassan Rohaniniň Ýewropa başlan saparynyň fonunda bolup geçýär.

XS
SM
MD
LG