Sişenbe güni ir bilen Azerbaýjanyň ähli sebitlerinde elektrik togy kesildi. Bu aralykda, resmiler toguň üpjünçiliginiň ýurt boýunça dikeldilip başlanandygyny habar berdiler.
Resmiler toguň kesilmegine Mingaçewir şäherindäki elektrik stansiýasynda dörän partlamanyň sebäp bolandygyny aýtdylar.
Prezidentiň edarasy adatdan daşary yssy howa sebäpli adamlaryň köpçülikleýin ýagdaýda sowadyjylary işledendigini, munuň hem elektrik stansiýasyndaky partlama getirendigini maglumat berdi.
Bu günler Azerbaýjanda howanyň yssylygy 40 gradusdan hem aşýar.
Azerbaýjanyň Adatdan daşary ministrligi ýangyn söndürijileriň elektrik stansiýasyndaky ody gözegçilige geçirendiklerini habar berdi. Partlamada hiç kimiň ýaralanmandygy we heläk bolmandygy hem mälim edildi.
Gün günden güllap ösyan garaşsyz baky bitarap Türkmenistan döwletimizde Arkadagymyzyn sayasynda sayalap bilman güneşden gaçyp türkiyede tupana duş gelen bu ayal gyzlarymyz gün günden artyar we yenede artyar. Hormatly arkadagymyz bu bolup geçyan zatlardan habary bolsada bolmadyksyramasy onun beyikliginin yene bir gezek subutnamasydyr.
"Harby borçlulyk we harby gulluk barada" kanuna laýyklykda, 27 ýaş şerti heniz hem öz güýjini goraýar.