Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistanda alty esger, iki polisiýa ofiseri öldürildi


Pakistanyň ýarym-harby güýçleri. Arhiwden alnan surat.

Pakistanyň günorta-günbatar we demirgazyk-günbatar sebitlerinde biri-birinden aýry amala aşyrylan hüjümlerde ýurduň ýarym-harby güýçleriniň hataryndan alty adam, şeýle-de iki polisiýa işgäri öldürildi.

Bulujystan welaýatynda jeňçileriň ýarym harby güýçleriniň kerwenini oka tutanda, başga-da iki adam ýaralandy. Awaran etrabyndaky hüjümiň jogapkärçiligini hiç bir topar öz üstüne almady.

Demirgazyk Waziristan tire-taýpalar regionynda amala aşyrylan hüjümde bolsa, hökümet resmisi we bir polisiýa ofiseri ýaralandy.

XS
SM
MD
LG