Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hüjümde Azerbaýjanyň ikinji uly şhäriniň başlygy ýaralandy, janpena öldürildi


Prezident Ylham Alyýew Ganjada söwda toplumynyň açylyşyna gatnaşýar. Arhiw suraty

Azerbaýjanyň ikinji uly şäheriniň, Ganjanyň adminstrasiýa başlygy Elmar Waliýew 3-nji iýul güni giçlik edilen ýaragly hüjüm mahalynda agyr ýaralandy diýip, häkimiýetler aýtdylar.

Içeri işler ministrliginiň maglumatyna görä, hüjüm wagtynda janpenalaryň biri öldürildi, güman edilýän hüjümçi tutuldy. Emma şundan başga jikme-jiklikler aýdylmady.

Ganja ýurduň merkezinde ýerleşýär. Waliýew häkim ýa-da gubernator ýaly, bu şäheriň prezident tarapyndan wezipä bellenilen ýerine ýetiriji başlygy bolup durýar.

XS
SM
MD
LG