Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Žurnalistleri goraýan komitet Orsýeti maglumat akymynyň ýoluny baglamakda tankytlaýar


Adalat ministrligi “daşary ýurt agenti” diýlen kategoriýa haýsy media guramalaryň girýändigini indi kesgitlemeli.
Adalat ministrligi “daşary ýurt agenti” diýlen kategoriýa haýsy media guramalaryň girýändigini indi kesgitlemeli.

Orsýetiň käbir žurnalistleri we bloggerleri daşary ýurt agentleri hökmünde belgilemek çäreleri häkimiýetleriň maglumatyň erkin akmagyna garşy alyp barýan “sistemalaýyn syýasatynyň” soňky ädimleriniň biridir diýip, Žurnalistleri goraýan komitet aýdýar.

Düýbi Nýu-Ýorkda ýerleşýän guramanyň 3-nji iýuldaky beýanatynda häkimiýetleriň “ugruny üýtgetmegine” we rus raýatlaryna “giň gerimli çeşmelerden” maglumat we pikir almaga rugsat berilmegine çagyrylýar.

Şol gün irden Döwlet dumasynyň, parlamentiň aşaky palatasynyň maglumat we aragatnaşyk komiteti häkimiýetlere Adalat ministrligi tarapyndan daşary ýurt agentleri diýlip kesgitlenen metbugat neşirleri üçin işleýän adamlary daşary ýurt agentleri diýip tagmalamaga rugsat bermek baradaky kanun düzedişleriniň taslamasyny tassyklady.

Teklip edilýän kanun ýyllyk auditden-barlagdan geçýän adamlaryň iki ýyldan bir gezek öz edýän işleri hakynda hasabat bermegini talap edýär we olaryň öndüren önümleriniň ählisine “daşary ýurt agenti” diýip bellik goýmagy talap edýär diýip, habarlarda aýdylýar.

Bu täze düzedişler Dumadan ýanwar aýynda geçen kanun taslamanyň ikinji gezek maslahat edilmeginiň öňýany taýýarlandy.

Taslamanyň kanun hökmünde güýje girmegi üçin ol parlamentiň iki palatasynda tassyklanyp, prezident Wladimir Putin oňa gol goýmaly.

Adalat ministrliginde “adamlary tötänleýin howulhara kararlardan gorap, olaryň goraglylygyny artdyrmak üçin” özbaşdak iş alyp barýan şahslaryň daşary ýurt agenti hökmünde belgilenmeginden Daşary işler ministrligi we Baş prokuroryň edarasy jogapkär bolar diýip, taslamanyň awtordaşy, Dumanyň Maglumat we aragatnaşyk boýunça komitetiniň başlygy Leonid Lewin “Interfaks” habar agentligine beren maglumatynda aýtdy.

Lewiniň sözlerine görä, daşary ýurt agentleriniň maglumatlaryny bolşy ýaly täzeden çap edýän bloggerler “ejir çekmez”.

Entek Adalat ministrligi “daşary ýurt agenti” diýlen kategoriýa haýsy media guramalaryň girýändigini indi kesgitlemeli.

Habarlarda aýdylmagyna görä, teklip edilýän täze kanunçylyk websaýtlaryň we beýleki media serişdeleriniň suduň karary bolmazdan petiklenmeginiň öňüni almak üçin zerur bolan degişli çäreleri hem öz içine alýar.

Agzalýan kanunçylyk teklibiniň hödürlenmegi, Moskwa bu kanun taslamany Orsýetdäki daşary ýurtly korrespondentleri, olaryň işleýän media guramalary bilen bir hatarda, daşary ýurt agenti hökmünde tagmalamakda ulanar diýen howatyrlanmalary döretdi.

Bu taslamanyň teklip edilmeginden ozal Putin ýanwar aýynda Adalat ministrligine Orsýetde ýerleşýän ýa-da daşary ýurtlardan maliýeleşdirilýän media guramalaryny “daşary ýurt agenti” hökmünde belgilemäge ygtyýar berýän kanuna gol çekipdi.

Orsýet bu kanunçylygyň Birleşen Ştatlaryň rus mediasyna edýän basyşlaryna garşy görkezilýän gaýtawuldygyny aýdýar. Günbatarly hökümetler we media hukuklaryny goraýan guramalar Orsýetdäki kanunçylygy tankyt edýär.

Orsýetiň Adalat ministrligi dekabr aýynda “Amerikanyň sesini” (VOA), Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyny we bu guramalar bilen ilteşikli beýleki maglumat serişdelerini “daşary ýurt agenti” diýip yglan etdi.

Russiýanyň Ukrainadaky agresiýasy, onuň ABŞ-da 2016-njy ýylda geçirilen saýlawlara gatyşdy diýilmegi we beýleki meseleler bilen baglylykda Orsýet bilen Birleşen Ştatlaryň arasyndaky gatnaşyklar ýiti dartylypdy.

XS
SM
MD
LG