Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygyndaky delegasiýa Wenada iş saparynda boldy


Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Serdar Berdimuhamedow. Minsk. Arhiw suraty
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Serdar Berdimuhamedow. Minsk. Arhiw suraty

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygyndaky delegasiýa 2-3-nji iýulda Awstriýanyň paýtagty Wena şäherinde iş saparynda boldy diýip, türkmen DIM-i habar berýär.

Saparyň çäklerinde türkmen wekiliýeti BMG-niň Baş Sekretarynyň orunbasary, BMG-niň neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky Müdirliginiň Ýerine ýetiriji direktory Ýuriý Fedotow, Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň (MAGATE) Baş direktory Ýukiýa Amano, Ýadro ýaraglaryny synag etmegi düýbünden gadagan etmek hakyndaky Şertnamanyň Taýýarlaýyş toparynyň ýerine ýetiriji sekretary Lassina Zerbo, Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň (ÝHHG) Baş sekretary Tomas Greminger we BMG-niň Senagat ösüşi boýunça guramasynyň (UNIDO) Baş direktory Hiroşi Kuniýoşi bilen duşuşyklar geçirdi.

Gepleşikleriň dowamynda tehniki hyzmatdaşlyk, energetika, neşe serişdeleriniň bikanun dolanşygyna, jenaýatçylyga we terrorçylyga garşy göreş ýaly ugurlar boýunça pikir alşyldy.

Şeýle-de taraplaryň hususy sektory we oba hojalygyny ösdürmek ýaly meselelere seredendigi habar berilýär.

Sapar mahalynda Awstriýanyň Ýewropa meseleleri, integrasiýa we daşary işler Federal ministrliginiň Baş sekretary Ýohannes Peterlik bilen duşuşyk boldy.

XS
SM
MD
LG