Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran, Pentagon ABŞ-nyň eýran nebit eksportyny togtatmak tagallalarynyň üstünde bir-birine duýduryş berýär


Eýranyň prezidenti Hassan Rohani
Eýranyň prezidenti Hassan Rohani

Birleşen Ştatlar we Eýran ABŞ-nyň eýranyň nebit eksportyny togtatmak tagallarynyň üstünde bir-birine duýduryş berdi.

Tähran bu çäre üçin Pars aýlagyndan çykýan nebit tankerleriniň ýoluny baglamak bilen ar aljakdygyny ýaňzytdy.

Eýranyň prezidenti Hassan Rohani 4-nji iýulda Wena sapary mahalynda Tähranyň ABŞ-nyň sanksiýa planlaryna jogap edip, goňşy aýlak ýurtlaryndan gelýän nebit ýükleriniň öňüni baglap biljekdigini duýdurdy.

“Amerikanlar Eýranyň nebit eksportyny nola çenli peseltmek isleýändiklerini aýdýarlar... Bu olaryň onuň getirip biljek netijeleri barada oýlanmaýandygyny görkezýär” diýip, Rohani aýtdy.

Yslam rewolýusiýasy gwardiýasynyň uly komandiri Rohaniniň bu aýdan sözlerini öwüp, saýlama harby toparyň onuň syýasatyny berjaý etmäge taýýardygyny aýtdy.

Waşington geçen hepde dünýä ýurtlaryna özleriniň 4-nji noýabrda güýje girjek sanksiýalarynyň çäginde Eýrandan nebit almaklaryny togtatmalydyklaryny ýa-da ABŞ-nyň maliýe jerimelerine uçramaklarynyň mümkindigini aýtdy, Rohani ABŞ-nyň şu duýduryşyna jogap berýärdi.

Pentagon Eýranyň bu sözlerine Pars aýlagynyň çetindäki Hormaz akymynyň açyk galmagynyň üpjün ediljekdigini aýdyp jogap berdi.

XS
SM
MD
LG