Pakistanyň korrupsiýa garşy sudy ozalky premýer-ministr Nawaz Şarifi gymmatbaha london kwartiralaryny satyn alandygy üçin 10 ýyl türme tussaglygyna höküm etdi diýip, aýyplaw aklawçysy Sardar Muzaffar Abbas aýtdy.
Şeýle-de Abbas suduň ol emläkleriň konfiskasiýa edilmegini buýrandygyny aýtdy. Agyr hassalan aýalyna seretmek üçin Londonda bolan Şaifiň bu hökümden şikaýat etmegine garaşylýar. Ol suddan höküm çykarman, Londondan Pakistana dolanyp gelýänçä garaşmagy talap etdi.
67 ýaşyndaky Şarif 2017-nji ýylda jarnamada görkezilmedik emläkleri sebäpli premýer-ministrlikden aýryldy we syýasatdan çetleşdirildi.
Onuň gyzy, parlamente dalaş edýän we kakasynyň syýasy mirasdüşeri hasaplanýan Marýam ýedi ýyl türme tussaglygyna höküm edildi diýip, media habar berdi.
Şarif ozal bu sud seljermelerini özüne garşy syýasy äheňli bolmakda aýyplady.