Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Astanada we Almatyda gazak 'diktaturasyna' garşy protest çagyryşlary goldaw tapmady


Gazagystanlylar Paýtagt gününi belleýär. Astana, 6-njy iýul, 2018.

Bosgunlykdaky oppozisiýa lideriniň Astananyň gazak paýtagtyna öwrülmeginiň 20 ýyllygyna gabat Gazagystanyň awtoritar dolandyryjysyna garşy protest guramak çagyryşlary netije bermedige meňzeýär.

6-njy iýul güni giçlik ýurduň “Paýtagt gününe” bagyşlanyp Astanada we ozalky paýtagt Almatyda guralan konsertler mahalynda howpsuzlyk berk goraldy.

Polisiýa Almatyda konsert bolýan skwere gelýän raýatlaryň sumkalaryny, şahsyýetlerini tassyklaýan dokumentlerini barlady we howpsuzlyk ofiserleri festiwalyň dowam edýän wagtynda, giç agşama çenli orunlarynda galdylar.

Uzak wagtlyk prezident Nursoltan Nazarbaýewiň tankytçysy, bosgunlykda ýaşaýan Muhtar Abliýazow öz tarapdarlaryny feýsbuk arkaly, Nazarbaýewiň doglan gününe, 78 ýaşynyň dolmagyna gabat gelen baýramçylyk mahalynda, öz sözleri bilen aýdylanda, “dowla düşen diktatura” garşy proteste çykmaga çagyrdy.

Emma Astanada we Almatyda geçen baýramçylyklar mahalynda protest alamatlary bolmady.

Şäher ýa-da milli hökümet tarapyndan ygtyýar berilmedik islendik demonstrasiýa bikanun hasaplanylýar.

Gaçgaklykdaky bankir Abliýazow Gazagystanyň demokratik saýlawy atly oppozision hereket döretdi we mundan öň hem uzak aralykda durup, Gazagystanda protest gurnamaga synanyşyk etdi.

XS
SM
MD
LG