Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gollandiýanyň KLM howa ýollary Tährana uçar gatnawyny togtatmak kararyna geldi


KLM ozal Tährana uçar gatnawyny 2013-nji ýylda bes edipdi.
KLM ozal Tährana uçar gatnawyny 2013-nji ýylda bes edipdi.

Gollandiýanyň KLM howa ýollary “tersin netijeler we maliýe çaklamalary” esasynda Tährana uçar gatnawyny togtatmak kararyna gelendigini aýdýar. Howa ýollary bu habary gysgaça iýul beýanatynda etdi.

KLM ozal Tährana uçar gatnawyny 2013-nji ýylda bes edipdi, emma bu gatnaw 2016-njy ýylda, Tährana bilen dünýä döwletleriniň arasynda ýadro ylalaşygyna gol çekilenden soň dikeldildi. Eýran bu ylalaşyk esasynda, sanksiýalaryň ýatyrylmagynyň deregine, özüniň ynjyk ýadro tagallalaryny togtatdy.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp maýda öz ýurdunyň bu ylalaşykdan çykýandygyny yglan etdi we Tährana garşy berk sanksiýalary dikeltmek ýoluna düşdi.

Emma Fransiýanyň howa ýollary, 2016-njy ýylda - sekiz ýyllyk arakesmeden soň dikeldileli bäri, Tährana uçar gatnawyny dowam etdirýär.

Ýöne Fransiýanyň CMA CGM ýükçülik topary, ABŞ adminstrasiýasynyň bu ýurtda hereket edýän kompaniýalar babatdaky gadaganlygyny dikeltmek barada gelen kararyndan soň, Eýrandaky işini bes etmek kararyna gelendigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG