Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Owgan güýçleri ABŞ-nyň goldamagynda Nangarhary söweşijilerden arassalaýarlar


ABŞ-nyň we Owganystanyň harbylary, Owganystanyň Nangarhar etrabynyň Deh Bala atly ýeri, 7-nji iýul, 2018.

ABŞ tarapyndan goldanýan Owganystanyň ýörite güýçleriniň ýurduň gündogar bölegindäki Nangarhar welaýatynyň çetki etrabyny “Yslam döwleti” (YD) atly toparyň söweşijilerinden arassalamak boýunça amala aşyran çäreleriniň jemleýji operasiýa bolmagynyň ähtimaldygyny resmiler aýdýarlar.

ABŞ-nyň ýörite güýçleriniň birinji toparyndan polkownik Joş Thielyň 8-nji iýulda aýtmagyna görä, soňky operasiýanyň merkezi Açin etrabynyň Deh Bala atly ýerinde bolupdyr. ABŞ-nyň harbylary 2017-nji ýylda bu ýere ýadro bolmadyk iň uly bombasyny taşlapdy.

Amerikan harbysy YD toparynyň bu etraby özüniň maliýe we logistika üpjünçiligi üçin peýdalanandygyny aýtdy. Şeýle-de, ol “Yslam döwleti” toparynyň agzalan giňişlikden Kabula we Jalalabada eden uly hüjümlerine taýýarlyk görmek üçin peýdalanandygyny belledi.

Nangarhar welaýatynyň hökümeti ABŞ-nyň 8-nji iýulda agşam Açin etrabynda Pakistan bilen serhediň golaýynda amala aşyran hüjümleriniň netijesinde Horasan etrabynda “Yslam döwleti” toparyna loýal guramanyň azyndan dört söweşijisini öldürendigini aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG