Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Onlarça eýranly özleriniň tansly wideolaryny çap edip, tussag edilen watandaşyna raýdaşlyk bildirdi


Maedeh Hojabriniň Instagramdaky sahypasy
Maedeh Hojabriniň Instagramdaky sahypasy

Eýranyň sosial media ulanyjylary Instagram sosial ulgamynda tansly wideolaryny çap edendigi üçin tussag edilen ýetginjek gyza raýdaşlyk bildirip, özleriniň tans edişlerini görkezýän wideolaryny çap etdiler.

Instagramda 40 müň yzarlaýja eýe bolan Maedeh Hojabri birden Eýranyň döwletiň gözegçiligindäki telewideniýesinde peýda bolup, ahlak kadalary bozandygyny boýun alyp çykyş etdi. Şuňa meňzeş ýagdaýa düşen ýene ençeme adamyň tussag edilendigi adylýar.

Bu ýagdaý sosial medialarda reaksiýa döretdi. Eýranlylar berk syýasata eýerýän sud resmilerini ýaş adamlara gysyş görmezmekde, emma hyýanatçylyk we korrupsiýa bilen bagly işlere göz ýümmakda aýypladylar.

Onlarça adam Hojabriniň tussag edilmegine reaksiýa bildirip, özleriniň tans edýändigini görkezýän wideolary çap etdi.

Hojabri özüniň pop we rep aýdymlaryna tans edişini görkezýän suratlarynyň we wideolarynyň onlarçasyny çap edipdi.

XS
SM
MD
LG