Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Brussede ÝB-Ukraina sammiti geçýär


Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko
Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko

Ýewropa Bileleşiginiň we Ukrainanyň 9-njy iýulda geçirjek ýyllyk sammitinde Kiýewiň reformalarynyň gün tertibine, Orsýetiň 2014-nji ýylda Krym ýarym adasyny öz gözegçiligine almagyna hem Ukrainanyň gündogarynda orsýetçi sepratistleri goldamagyna degişli meseleleriň ara alnyp maslahat edilmegine garaşylýar.

Brusselde geçiriljek şu ýylky duşuşyk Ýewropa Bileleşiginiň we Ukrainanyň arasyndaky assosiasiýa barada ylalaşygyň sentýabr aýynda güýjüne gireli bäri ilkinji sammitdir. Oňa Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko hem gatnaşýar.

Assosiasiýa baradaky ylalaşyk başda 2013-nji ýylda baglaşylmalydy, emma ýurduň şol wagtky prezidenti Wiktor Ýanukowiçiň Moskwanyň basyşy astynda oňa gol çekmekden ýüz öwürmegi, köpçülikleýin protestlere we 2014-ni ýylyň fewral aýynda onuň wezipesinden mahrum bolmagyna getirdi.

Orsýet muňa reaksiýa bildirip, Krym ýarym adasyny Ukrainadan bölüp öz düzümine goşdy, şeýle-de Ukrainanyň gündogarynda separatistlere harby we ykdysady ýardam berdi. Ukrainanyň gündogaryndaky uruş zerarly 10300 gowrak adam wepat boldy.

XS
SM
MD
LG