Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Britaniýada 'Nowiçok' bilen zäherlenen zenan wepat boldy


Polisiýanyň aýtmagyna görä, zenanyň huşsuz tapylan jaýy, Amesbury, Angliýa, 5-nji iýul, 2018.

Britaniýanyň polisiýasy orsýetli öňki gizlin agent Sergeý Skripalyň we onuň gyzynyň zäherlenen himiki maddasyndan zäherlenip, agyr ýagdaýa düşen zenanyň ýogalandygyny aýdýar.

Britaniýanyň merkezi polisiýasynyň beýanatyna görä, üç çaganyň ejesi 44 ýaşly Dawn Sturgess nerwe täsir ýetiriji “Nowiçok” serişdesi bilen zäherlenip, 8-nji iýulda keselhanada aradan çykypdyr.

Polisiýa öz beýanatynda, onuň ölüminiň adamy öldürmek hökmünde derňelýändigini mälim etdi.

Britaniýanyň premýer-ministri Tereza Meý bu zenanyň ölüminiň "özüni hopukdyrandygyny we şok edendigini” aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG