Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Brýusselde ÝB-Ukraina sammiti geçýär


Ýewropa Bileleşiginiň baýdaklary.
Ýewropa Bileleşiginiň baýdaklary.

9-njy iýulda Ýewropa Bileleşigi bilen Ukrainanyň ýyllyk sammiti geçirýärler. Garaşylyşyna görä, bu sammitde iki tarap Kiýewiň reformalarynyň gün tertibi, Orsýetiň 2014-nji ýylda Krym ýarym adasyny zor bilen özüne birikdirmegi, şeýle hem onuň Ukrainanyň gündogaryndaky separtistleri goldamagy hakda pikir alşylar.

Bu ýyl Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenkonyň gatnaşmagynda Brýusselde geçirilýän sammit Ýewropa Bileleşigi bilen Ukrainanyň arasyndaky assosiasiýa ylalaşygy sentrýabrda güýje girip, ikitaraplaýyň gatnaşyklary pugtalandyraly bäri geçýän ilkinji sammitdir.

Assosiasiýa ylalaşygyna aslynda 2013-nji ýylda gol çekilmelidi, ýöne ýurduň şol wagtky prezidenti Wiktor Ýanukowiç, Moskwanyň basyş etmegi netijesinde, oňa gol çekmekden boýun gaçyrdy. Bu hem 2014-ni ýylyň fewral aýynda turan köpçülikleýin protestlerden soň onuň häkimiýet başyndan gitmegine getirdi.

Orsýet bu herekete Krym ýarym adasyny basyp almak we separatistleri Kiýewiň garşysyna alyp barýan urşunda harby hem ykdysady taýdan goldamak bilen gaýtawul berdi. Bu uruşda Ukriananyň gündogarynda 10300 adam öldi.

Ýewropa Bileleşiginiň bilidirmegine görä, bu ýylky sammitde taraplar assosiasiýa ylalaşygyny, onuň erkin söwda baradaky bölümini, şeýle hem “ukrain refomalarynyň gün tertibini” mundan beýläk-de amala aşyrmak hakda maslahatlaşarlar.

Maý aýynda Ýewropa Bileleşigi iki ýyl ýarym döwrüň içinde Ukraina bir milliard dollar karz pul bermegi makullap, indiki pullaryň berilmegini, “Ukrainayň demokratik mehanizimleri, we kanunçylygy hormatlamagyna, şeýle hem adam hukuklaryny berjaý etmägini kepillendirmegine” bagly edip goýdi.

Iýun aýynyň aýaklarynda bileleşigiň baş diplomaty Federika Mogerini “reformalary ilerletmekde, aýratyn-da, korrupsiýa garşy göreşde premýer-ministr Wolodymyr Hroýsman bilen ukrain hökümetiniň “aýgytly energiýasynyň özüne gowy täsir edendigini” aýtdy.

Emma ol soňra: “Ýene-de köpräk reforma gerek” diýip, sözüniň üstüne goşdy.

Mogerini, Birleşen Ştatlar we Halkara walýuta fondy Kiýewiň korrupsiýa garşy garaşsyz kazyýet döretmek baraday kanuny tarypladylar. Ýöne olar reformalary gutarnykly kämilleşdirmek we Halkara walýuta fondundan ýene-de karz pul almagy üpjün etmek üçin mundan başga-da köp işler edilmeli diýýärler.

Ýewropa Bileleşigi tarapyndan sammite gatnaşjak Ýewropa geňeşiniň başlygy Donald Tusk bilen bileleşigiň komissiýasynyň prezidenti Jean-Klaude Ýunker “Orsýetiň dowam edýän agressiýasyny we gündogar Ukrainaky konfliti” nazara alyp, Ýewropa Bileleşigi Ukrainanyň “garaşsyzlygyny, ozbaşdaklygy we toprak bütewiligini” goldamgy-da tassyklar diýýärler.

Sammit NATO-nyň Brýusselde geçjek ýokary derejeli duşuşygynda iki gün we amerikan prezidenti Donald Tramp bilen Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň Helsinki-de geçjek duşuşygyndan bir hepde öň bolýar.

Öten aý Waşington indi Orsýetiň Krymy özüne birikdirmegine garşy çykmagy goýbolsun edermi diýip soralanda Tramp, “muny görmeli bolarys” diýip, jogap berdi.

Ýöne birnäçe gün soňra Ak tamyň metbugat wekili Sara Sanders Kyrymy basyp almagy sebäpli Orsýetiň garşysyna girizilen amerikan sanksiýalary Moskwa “ýarym adany Ukraina gaýdyp berýänçä dowam eder” diýdi.

Orsýetiň Kyrymy zor bilen özüne birikdirmegine gaýtawul hökümde Ýewropa Bileleşigi bilen Birleşen Ştatlar Moskwanyň garşysyna birnäçe gezek sanksiýa girizdiler.

Ýewropa Bileleşigi Orsýetiň Ukrainadaky hereketleri sebäpli onuň garşysyna girizen ykdysady sanksiýalaryny öten hepde 2019-njy ýylyň ýanwar aýyna çenli uzaltdy.

XS
SM
MD
LG