ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo Owganystanyň paýtagtyna eden duýdansyz saparynyň çäginde, “Talyban” söweşijilerini owgan hökümeti bilen parahatçylyk gepleşiklerini geçirmäge çagyrdy.
Pompeo döwlet sekretary wezipesine bellenenden soň, duşenbe güni ilkinji gezek Owganystana sapar bilen gelipdi.
Bu aralykda, Owganystanyň gündogaryndaky Nangarhar welaýatyny “Yslam döwleti” ekstremistik toparynyň jeňçilerinden arassalamak boýunça ýörite operasiýa geçirildi.
Häzir Owganystanda, NATO-nyň ýolbaşçylygyndaky missiýasynyň çäklerinde, 14 müň ABŞ-ly esger gulluk geçýär. Olar “Yslam döwleti” we “Al-Kaýda” ekstremistik toparlaryna garşy alnyp barylýan operasiýalara hem gatnaşýarlar.
Вакцинаны Хытай довлетинден алан болсалар говы боларды ,Турк доганларымыздан горелде алып ,шонда ялнышмарыс! Тебигы газымыз бн хасаплашып хем билердик! Хер бир затда Кремльин межбур эдени билен ,оларын диенини эдибермелими , онсузам 30(отуз) йыл туркмен халкыны косап гелйарлер,ягны олары адам хасабында гормани!