Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň senatory Putine ynanyp bolmaýandygyny aýtdy


Russiýa sapar edýän ABŞ-nyň senatorlary Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen gepleşikleri geçirýärler. 3-nji iýul, 2018 ý.
Russiýa sapar edýän ABŞ-nyň senatorlary Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen gepleşikleri geçirýärler. 3-nji iýul, 2018 ý.

Geçen hepde Russiýa sapar eden ABŞ-nyň senatory prezident Wladimir Putine ynanyp bolmaýandygyny aýtdy. Şeýle-de, ol Moskwa bilen gepleşikleri “bir mafiýa bilen alnyp barylýan gepleşiklere” deňedi.

Mundanam başga, respublikan partiýasynyň agzasy Jon Kennedy rus hökümetini “ABŞ-nyň saýlawlaryna gatyşmazlyga” çagyrandygyny aýtdy. Kennedy ruslara eger-de noýabrdaky ABŞ-nyň saýlawlaryna gatyşsalar, onda “häzirki sanksiýalardan hem ýowuz gadagançylyklar bilen ýüzbe-ýüz boljakdyklaryny” duýdurandygyny belledi.

Ol ruslara “Ukrainanyň gündogaryndan çekilmelidiklerini” we “Krymdan çekilmelidiklerini” hem aýdandygyny nygtady.

Kennedy we başga-da alty sany respublikan senatory 30-njy iýun – 4-nji iýul aralygynda Russiýa sapar edipdiler.

XS
SM
MD
LG