Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranda garaýag we ýolagçy daşaýan ulaglaryň çaknyşygynda 11 adam heläk boldy


Eýranyň Kürdüstan regionynda garaýag daşaýan tankeriň we ýolagçy awtobusyň çaknyşmagy zerarly azyndan 11 adamyň wepat bolandygy habar berilýär

Eýranyň döwlet telewideniýesi we kürtleriň sürgünlikdäki topary Eýranyň Kürdüstan regionynda garaýag daşaýan tankeriň we ýolagçy awtobusyň çaknyşmagy zerarly azyndan 11 adamyň wepat bolandygyny habar berdiler.

Döwlet telewideniýesi çaknyşygyň 10-njy iýulda gije Tährandan 400 kilometr günbatarda ýerleşýän Sanandaj şäherinde bolandygyny aýtdy.

Parižde ýerleşýän Eýranyň Kürdüstan demokratik partiýasynyň (PDKI) Twitter sahypasynda, aýdylyşy ýaly, şol heläkçiligiň wideolary ýerleşdirildi.

Maglumatda heläkçilik zerarly 20-30 adamyň wepat bolandygy aýdylýar.

Adam pidalarynyň sany garaşsyz çeşmelerden dessine tassyklanmady.

XS
SM
MD
LG