Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Meý: Tramp-Putin sammiti NATO-Orsýet konflikt töwekgelligini azaltmak üçin ulanylmaly


Britaniýanyň premýer-ministri Tereza Meý (Theresa May)

Britaniýanyň premýer-ministri Tereza Meý (Theresa May) ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen onuň rus kärdeşi Wladimir Putiniň arasynda boljak sammiti gutlap, bu duşuşygyň NATO bilen Moskwanyň arasyndaky konflikt töwekgelligini peseltmek üçin ulanylmalydygyny aýtdy.

11-nji iýul güni giçlik NATO liderleriniň agşam naharynda, ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen ýewropa liderleriniň arasyndaky gapma-garşylykdan soň, Meý Trampyň Putin bilen 16-njy iýulda boljak duşuşygyna optimistik baha berdi.

“Men prezident Trampyň prezident Putin bilen boljak duşuşygyny gutlaýaryn: ABŞ bilen Orsýetiň arasyndaky aragatnaşyk kanallaryny açmak gapma-garşylyk töwekelliklerini jylawlamagyň esasy açary bolup durýar” diýip, ol aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG