Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin Moskwada Eýranyň ýokary lideriniň geňeşçisi bilen duşuşdy


Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Eýranyň ýokary lideri aýatolla Ali Hamaneýiniň baş geňeşçisi Ali Akbar Welaýaty bilen.
Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Eýranyň ýokary lideri aýatolla Ali Hamaneýiniň baş geňeşçisi Ali Akbar Welaýaty bilen.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Eýranyň ýokary lideri aýatolla Ali Hamaneýiniň baş geňeşçisi Ali Akbar Welaýaty bilen duşuşdy diýip, rus mediasy habar berýär.

Welaýatynyň Putin bilen duşuşygy 12-nji iýulda, Moskwa gelip, Eýranyň Orsýet bilen gatnaşyklaryny “strategiki” diýip öweninden bir gün soň boldy.

Orsýetiň “Interfax” habar gullugy bu duşuşyga daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň hem gatnaşandygyny, eýran delegasiýasynyň hataryna bolsa Hamaneýiniň maslahatçylar geňeşiniň başlygy Ali Asghar Fathi Sarbangoliniň, Eýranyň Orsýetdäki ilçisi Mehdi Sanaýyň hem girendigini habar berdi.

Welaýaty Orsýet bilen Eýranyň Siriýadaky hyzmatdaşlygynyň ýedi ýyllyk raýat urşy döwründe prezident Başar al-Assadyň güýçlerine goldaw we, eýran resmisiniň öz sözleri bilen aýdylanda, “terrorizme we onuň howandarlaryna” garşy bolandygyny belledi.

XS
SM
MD
LG