Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp Eýranyň sanksiýalaryň ykdysady 'agyrysyny' gowşatmaga synanyşmagyna garaşýar


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp

ABŞ-nyň resmileri Eýrana basyş etmek boýunça giň göwrümli sanksiýalaryň ýurtdaky köçe protestlerini güýçlendirmäge ýardam berýändigini aýdýarlar. Prezident Donald Tramp, bolsa, Tähranyň Waşington bilen ylalaşyk gazanmagy üçin oňa ykdysady “agyry” edilmegine garaşýandygyny aýtdy.

“Men olaryň köp problemasynyň bardygyny we olaryň ykdysadyýetiniň ýumrulýandygyny bilýärin. Emma meniň aýtmakçy bolýan zadym, olar belli bir ýagdaýda ýüzlenip, 'geliň ylalaşaly', diýseler biz ylalaşyk taparys. Olar häzir uly ejir çekýärler" diýip, Tramp 12-nji iýulda Brusselde geçirilen metbugat konferensiýasynda aýtdy.

Tramp we onuň döwlet sekretary Mike Pompeo Belgiýanyň paýtagtynda geçirilen NATO-nyň sammitine gatnaşyp, ABŞ-nyň sanksiýalaryny goldamaga we Eýrana ykdysady zarbany güýçlendirmäge çagyryp, Ýewropadaky ýaranlaryna basyş etdiler. Sanksiýalar 4-nji noýabrda güýje girýär.

XS
SM
MD
LG