Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Trampyň Putine 'duşman' däl-de, 'bäsdeş' hökmündäki garaýşy Kongressde gahar döretdi


ABŞ-nyň senatory Jon Makkeýn
ABŞ-nyň senatory Jon Makkeýn

ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň Orsýetiň "duşman" däl-de, "bäsdeşdigi" hakynda aýdan sözleri Waşingtonda käbir abraýly kanun çykaryjylaryň arasynda aladalanma we gahar-gazap döretdi.

Kanun çykaryjylaryň ençemesiniň 12-nji iýulda aýtmagyna görä, olar Trampyň Orsýetiň ýalňyşlyklaryna üns bermezlige taýýar bolmagynyň ähtimallygyna aladalanma bildirdiler we Trampy 16-njy iýulda Helsinkide planlaşdyrylan sammitde Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin babatynda "ýumşak" bolmazlyga çagyrdylar.

"Putin Amerikanyň dosty-da, bäsdeşi-de däl. Putin Amerikanyň duşmany - bu biziň islegimiz däl, ol şeýle bolmagy özi saýlady" diýip, Senatyň Ýaragly güýçler boýunça komitetiniň başlygy senator Jon Makkeýn aýtdy.

XS
SM
MD
LG