Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Argentina Orsýetden ýokary wezipeli eýran resmisini tussag etmegi soraýar


Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin (s) we Eýranyň Baş ruhany lideri Aýatolla Ali Hameneiniň baş geňeşçisi Ali Akbar Welaýati, Moskwa, 12-ni iýul, 2018
Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin (s) we Eýranyň Baş ruhany lideri Aýatolla Ali Hameneiniň baş geňeşçisi Ali Akbar Welaýati, Moskwa, 12-ni iýul, 2018

Argentinanyň Daşary işler ministrligi Orsýetden Eýranyň öňki daşary işler ministri Ali Akbar Welaýatini tussag etmegi we ýurtdan çykarmagy sorandygyny mälim etdi. Argentina Welaýatiniň 1994-nji ýylda Buenos Airesde 85 adamyň ölümine sebäp bolan bomba partlamasyndaky güman edýän roluny agzaýar.

Häzirki wagtda Eýranyň Baş ruhany lideri Aýatolla Ali Hameneiniň baş geňeşçisi bolan Welaýati 12-nji iýulda Moskwa sapar edip, prezident Wladimir Putin bilen duşuşdy. Şeýle-de, ol 13-nji iýulda Hytaýa sapar etmegi planlaşdyrýar.

Argentinanyň Daşary işler ministrligi öz beýanatynda Welaýatiniň ekstradisiýa edilmegi baradaky haýyşyny Hytaýa hem ýollandygyny aýtdy. Argentina öz ýüzlenmesini "iki ýurduň arasynda ekstradisiýa barada bar bolan ylalaşyga laýyklykda" edendigini aýdyp, häzirki wagtda Orsýetiň jogabyna garaşýandygyny belledi.

Welaýati Argentinada 1994-nji ýylyň 18-nji iýulynda bolan bomba partlamasy zerarly argentin-ysraýyl özara bileleşiginiň edarasynyň ýumrulyp, 85 adamyň wepat bolan hem 300 adamyň ýaralanan döwründe Eýranyň daşary işler ministri bolupdy. Bu hadysa Argentinanyň taryhyndaky iň uly terrorçylyk hüjümi boldy.

XS
SM
MD
LG