Eýranyň ýokary lideri aýatolla Ali Hamaneýiniň baş geňeşçisi ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň Eýran ýetip gelýän sanksiýalaryň ykdysady “agyrysyny” gowşatmak üçin Birleşen Ştatlar bilen ylalaşmaga çalyşmaly diýen pikirini ret etdi.
Ali Akbar Welaýati 13-nji iýulda, Moskwa edýän sapary mahalynda ABŞ-nyň we Ysraýylyň Eýranyň harbylarynyň Siriýadan çykarylmagy baradaky talaplaryny hem ret etdi, ýagny munuň diňe Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň hökümeti Eýrandan gitmegi soran halatynda boljakdygyny aýtdy.
"Biz ol ýere amerikanlaryň rugsady bilen gelmedik we olaryň talaby bilen gitmeris” diýip, ol aýtdy.
Welaýati 12-nji iýulda, rus lideri Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu bilen duşuşandan bir gün soň,Siriýadaky ýagdaýy maslahatlaşmak üçin, rus prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşdy. Netanýahu Putinden Eýrany Siriýadan çykmaga çagyrmagy sorandygyny aýtdy.