Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ak tam, ruslara bildirilen aýyplamalardan soň, Putin sammitiniň goýbolsun edilmegi baradaky çagyryşlary ret edýär


Senatyň Ýaragly gulluklar komitetiniň başlygy, respublikanlardan prezidentlige kandidat bolan Jon Makgeýn (John McCain)
Senatyň Ýaragly gulluklar komitetiniň başlygy, respublikanlardan prezidentlige kandidat bolan Jon Makgeýn (John McCain)

Ak tam kongresiň öňdebaryjy agzalarynyň, rus hökümetiniň 2016-njy ýylyň prezident saýlawlaryna gönümel gatyşmagy barada bildirilen ilkinji aýyplamalardan soň, ABŞ-Orsýet prezidentler sammitini goýbolsun etmek baradaky çagyryşlaryny ret edýär.

13-nji iýuldaky aýyplamalarda Orsýetiň harby aňtaw ofiserleriniň 12 sanysynyň, hamala, ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň demokratik garşydasyna zyýan ýetirýän müňlerçe dokumenti we e-mail hatlaryny ogurlandyklary we ýaýradandyklary aýdylýar.

Bu aýyplamalar Trampyň prezident Putin bilen Helsinkide, Finlandiýada planlaşdyrylan sammitiniň üç gün öňünden bildirildi.

Giňişleýin aýyplamalarda rus hökümetiniň ýokary derejelerinde demokratik kandidat Hillari Klintonyň saýlaw perspektiwalaryna kejikdiriji we giňden tankyt edilen Wikileaks syzdyrmalary arkaly zyýan ýetirmek üçin gurnalan dildüwşik jemgyýetçilige aýan edilýär we ol kongresdäki demokratlaryň köpüsiniň, şol sanda tanymal respublikanlaryň hem sammiti goýbolsun etmek çagyryşyna alyp geldi.

Senatyň Ýaragly gulluklar komitetiniň başlygy, respublikanlardan prezidentlige kandidat bolan Jon Makgeýn (John McCain), “Eger-de prezident Tramp Putinden hasap soramaga taýýar bolmasa, Helsinkidäki sammit geçirilmeli däl” diýdi

XS
SM
MD
LG