Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Jeňçi hüjümlerinde owgan esgerleri öldürildi


Helmand welaýaty, Laşkargah polisiýasy, 11-nji iýul, 2018

Ýerli resmi Owganystanyň günbatar böleginde barlag nokadyna edilen jeňçi hüjüminde azyndan 11 esgeriň öldürilendigini aýdýar.

Farah welaýatynyň gubernatorynyň sözçüsi Mohammad Naser Mehri 14-nji iýulda Bala Buluk etrabynda bolan atyşykda dört esgeriň ýaraly bolandygyny aýtdy.

Aýdylmagyna görä, söweşde dokuz pitneçi öldürildi, 13 pitneçi bolsa ýaralandy.

Mehri bu hüjümde “Talybany” aýyplady.

Ýurduň günortasynda, Helmand welaýatynda janyndan geçen bombaçynyň ulagyny barlag nokadynda ýarmagy netijesinde polisiýa ofiseri öldürildi.

Welaýat paýtagty Laşkargahyň daşynda bolan hüjümde ýene 11 ofiser ýaralandy.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG