Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň içeri howpsuzlyk başlygy: Orsýet amerikanlaryň arasyna agzalalyk salýar


ABŞ-nyň içeri howpsuzlyk sekretary Kirstjen Nielsen
ABŞ-nyň içeri howpsuzlyk sekretary Kirstjen Nielsen

ABŞ-nyň içeri howpsuzlyk başlygy ýurduň aňtaw resmileriniň sosial mediany we beýleki serişdeleri amerikan halkynyň arasynda bölünişik döretmekde ulanmak üçin edilýän “tutanýerli rus tagalallaryny” görýändiklerini aýdýar.

Içeri howpsuzlyk sekretary Kirstjen Nielsen 14-nji iýulda, Filadelfiada ABŞ-nyň döwlet sekretarlarynyň ýygnanyşygynda çykyp gürläp, orsýetlileriň amerikan halkynyň arasynda agzalalyk we bölünişik döretmek üçin sosial mediany, “duýgudaş gürrüňdeşleri we beýleki frontlary ulanýandyklaryny” aýtdy.

Emma muňa garamazdan, ol bu tagallalaryň “hökman aýratyn alnan syýsatçylara ýa-da syýasy kampaniýalara gönükdirilmändigini” aýtdy.

Şeýle-de Nielsen Orsýetiň bu ýyldaky aralyk möhlet saýlawlaryna 2016-njy ýylyň prezident saýlawlarynyň “derejesinde ýa möçberinde” hüjüm etmändigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG