Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Britan premýeri Trampyň özüne ÝB-ni 'suda ber' diýendigini aýdýar


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Britaniýanyň premýer-ministri Tereza Meý bilen metbugat ýygnagynda çykyş edýär. 13-nji iýul, 2018 ý.

Britaniýanyň premýer-ministri Tereza Meý (Theresa May) ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň özüne Britaniýanyň bileleşikden çykmagy baradaky gepleşikleriň üstünde Ýewropa Bileleşigini suda bermegi maslahat berendigini aýtdy.

Tramp 13-nji iýulda Meý bilen bilelikde beren metbugat ýygnagynda britan liderine beren geňeşini onuň örän“ýowuz”görendigini aýtdy.

15-nji iýulda BBC-niň bu geňeşiň näme bolandygy baradaky soragyna jogap berip, Meý şeýle diýdi: “Ol meniň ÝB-ni suda bermelidigimi aýtdy, gepleşiklere girme, olary suda ber diýdi”.

Meý sözüni dowam edip, “Prezident şol metbugat ýygnagynda maňa ýene “Çekilme. Gepleşiklerden çekilme. Soň sen baglanyp galarsyň” diýdi.

Britaniýa, 2016-njy ýylyň iýulynda geçen referendumyň Bileleşikden çykylmagyny goldandygy üçin, 2019-njy ýylyň mart aýynyň aýagyna çenli ÝB-den çykmagy planlaşdyrýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG